Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň täzelenen reýtinginde birinji orny saklady

  • 09.10.2024 13:52
  • 14k+

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew agram derejesine garamazdan Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) reýtinginde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Täzelenen reýting guramanyň metbugat gullugy tarapyndan hödürlendi diýip, TASS habar berýär.

6-njy oktýabrda amerikaly Halil Rauntrini ýeňip, şu ýyl yzygider üçünji titul ýeňşini gazanan braziliýaly Aleks Pereýra reýtingiň ikinji ornuny eýeleýär. Üçünji orunda amerikaly Jon Jons ýerleşýär.
Mahaçew 32 ýaşynda, ol garyşyk başa-baş söweşlerde 26 ýeňiş gazandy we 1 ýeňlişe sezewar boldy. 2-nji iýunda russiýaly söweşiji amerikaly Dastin Porýeden üstün çykyp, ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady. Häzirki wagtda Mahaçew şikesden gutulýar we ýanwar aýynda söweşmäge taýýarlanýar.


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....