Braziliýa finalda Argentinany ýeňip, altynjy gezek futzal boýunça dünýäniň çempiony boldy

  • 08.10.2024 10:26
  • 8.7k+

Özbegistanda futzal boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Ýaryşyň jemleýji oýnunda Braziliýanyň ýygyndysy Argentinanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Ýeňijilerden Ferrao (6-njy minut) we Rafa Santos (13-nji minut) gol geçirdiler. Argentinanyň düzüminden bolsa Matias Rosa (39) tapawutlandy.
Bäsleşigiň bürünç medallaryny Fransiýany 7:1 hasabynda ýeňen Ukraina eýeledi. Ýaryşa 24 topar gatnaşdy.
Braziliýalylar altynjy gezek futzal boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldular we bu görkeziji boýunça rekord goýdular. Ispaniýa iki gezek (2000, 2004), Argentinanyň (2016) we Portugaliýanyň (2021) milli ýygyndylary hersi bir gezekden ýeňiş gazandy.


düýn 22:47
1.4k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......