Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy mikroRNA-ny tapanlara berildi

  • düýn 23:56
  • 522
Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy mikroRNA-ny tapanlara berildi

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýraga eýe bolanlaryň atlaryny yglan etdi. Wiktor Embros bilen Geri Rawkun “mikroRNA-lary açandyklary we gen ekspressiýasynyň transkripsiýadan soňky düzgünleşdirilmegindäki roluny derňändigi” üçin ýeňiji boldular.

MikroRNA – bu ribonuklein kislotasynyň gysga molekulalarynyň, RNK-nyň aýratyn synpy bolup, beýleki molekulalar bilen birlikde köp genleriň işjeňligini kesgitleýär. Köp ýagdaýlarda belli bir geniň bedeniň käbir öýjüklerinde işjeň boljagy-bolmajagy mikroRNA baglydyr.
Bu açyş 1993-nji ýylda neşir edildi.
Ambros 1953-nji ýylyň 1-nji dekabrynda doguldy. 1979-njy ýylda ol Massaçusets Tehnologiýa Institutyndan (MIT) doktorlyk derejesini aldy. Köp sanly ylmy baýraklaryň ýeňijisi, mikroRNA-lary ilkinji bolup açanlygy bilen meşhurdyr.
Rawkin 1952-nji ýylyň 26-njy martynda doguldy, Ambros bilen mikroRNA-ny öwrenmegiň üstünde işledi hem-de Amerikanyň Sungat we ylymlar akademiýasynyň agzasy hasaplanýar.
Geçen ýyl lukmançylyk boýunça Nobel baýragy Katalin Kariko we Drew Waýsmana "COVID-19 üçin täsirli mRNA sanjymlaryny ösdürmäge mümkinçilik beren nuklein kislotasynyň esaslaryny üýtgetmekdäki açyşlary" üçin berildi.
Nobel hepdeligi fiziologiýa we lukmançylyk pudagynda baýrak alanlaryň yglan edilmegi bilen açylýar. 8-nji oktýabrda fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň, 9-njy oktýabrda – himiýa boýunça we 10-njy oktýabrda – edebiýat boýunça baýrak eýeleri yglan ediler. 11-nji oktýabrda Osloda Parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan ediler we 14-nji oktýabrda şu ýyl  Alfred Nobeliň (ony 1968-nji ýylda Şwesiýa Banky tarapyndan esaslandyrdy) hatyrasyna döredilen Ykdysadyýet baýragyny kimiň alandygy belli bolar.
Her kategoriýada Nobel baýragynyň pul bölegi 11 million şwed kronydyr. Walýutanyň häzirki hümmetinde bu 1 million dollardan sähel geçýär.


06.10.2024 11:21
3.7k+

BSGG maýmyn mamasyny anyklamak üçin ilkinji test usulyny tassyklady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) maýmyn mamasynyň ýaýramagyna garşy göreşde möhüm ädim ätdi. Gurama barlaghana şertlerinde bu howply wirusy anyklamak üçin ilkinji barlag usulynyň ulanylmagyny tassyklady...

05.10.2024 12:27
8.5k+

Türkmenistanda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bellenen tertipde döredildi. Şeýle hem resminama laýyklykda, şu merkez hakyndaky Tertipnama bellenen tertipde...

05.10.2024 12:22
12k+

Serdar Berdimuhamedow täze halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini döretmek hakynda resminama gol çekdi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi dörediler. Degişli...

05.10.2024 12:17
20k+

Türkmenistanyň üç welaýatynda onkologiýa hassahanalaryny gurmak hakynda Karara gol çekildi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky we Saud ösüş...