Rafael Waran karýerasyny tamamlaýar. Ol 31 ýaşynda

  • 26.09.2024 09:23
  • 7.5k+

Fransiýaly goragçy Rafael Waran 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Ol bu barada öz sosial ulgamlarynda habar berdi diýip, “Çempionat” ýazýar.

Waranyň soňky kluby Italiýanyň “Komosy” boldy, ol topara erkin agent hökmünde geçdi. Täze klub üçin ilkinji duşuşykda ol agyr şikes alyp, möwsümiň ahyryna çenli ýaryşdan çekildi. Soňra “Komo” Warany Seriýa A-da möwsümiň oýunçylar sanawyna goşmady. Klub üçin ol bary-ýogy 23 minut oýnady.
Öň, Waran Madridiň “Realy”, “Mançester Ýunaýted” we Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin çykyşlary bilen bellidi. Madrid toparynyň düzüminde dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, 2018-nji ýylda milli ýygyndynyň düzüminde dünýä çempiony boldy.


düýn 23:07
2.8k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....