Türkmenistanly karateçi Hançžouda Aziýa çempionatynyň bürünç medalyny aldy

  • 24.09.2024 13:55
  • 7k+

Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow Hançžou (Hytaý) şäherinde tamamlanan uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen WKF karate boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Aziýa karate federasiýasynyň (AKF) geçiren çempionatyna 30 ýurtdan güýçli türgenleriň 356-sy gatnaşdy, olar diňe bir katada (gorag we hüjüm usullarynyň utgaşygynda berk düzgünleşdirilen maşklar) we kumitede (söweşler) medallar ugrunda bäsleşmän, eýsem, noýabr aýynda Pamplonada (Ispaniýa) geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk üçin hem göreşdiler. Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň maglumatlaryna görä, Aziýa çempionatynda toparymyza 6 türgen, 3 emin, 2 tälimçi we wekiliýetiň başlygy wekilçilik etdi.
Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda kumite boýunça bürünç medal gazandy, bu ýaryşda 19 türgen baýrak ugrunda bäsleşdi. Ol bu üstünlige barýan ýolda üç ýeňiş gazandy.


Birinji tutluşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Fanit Soty (Kamboja) 5:0 hasabynda ýeňdi, ikinjisinde bolsa Saif Addin Bani Taressadan (Iordaniýa) 9:5 hasabynda üstün çykdy. Ýarym finalda Dawut Kuwonçbek Muhammadiýewden (Özbegistan) 0:3 hasabynda ýeňildi. Özbegistanly türgeniň finala çykmagy netijesinde D.Nazmyradow bürünç medal ugrunda teselli beriji tutluşyga hukuk alyp, onda Ali Barnawini (Saud Arabystany) 6:3 hasabynda ýeňip, münberiň üçünji gatyna çykdy.
Bu agram derejesinde ikinji bürünç medaly Gonçe Bahman Asgari (Eýran) eýeledi. Kümüş medal Kuwonçbek Muhammadiýewe (Özbegistan) gowşuryldy, Nurkanat Ažikanow (Gazagystan) Aziýanyň çempiony boldy.

WKF (World Karate Federation) – yklym federasiýalarynyň bäşisine wekilçilik edýän 200 ýurtdan ybarat Bütindünýä Karate federasiýasynyň iňlis dilinde gysgaldylyp alynmasydyr. Häzirki wagtda ol ýüz milliondan gowrak agzasy bolan Halkara Olimpiýa komitetiniň ykrar eden ýeke-täk karate guramasydyr.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......