Daun sindromly zenan gimnastikaçy lukmanlaryň ýalňyşandygyny subut etdi we dört dünýä rekordyny täzeledi

  • 24.09.2024 13:09
  • 14k+

Daun sindromly amerikaly gimnastikaçy Çelsi Werner dört sany dünýä rekordyny goýdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Ýörite Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanalýan dünýäniň birnäçe gezek çempiony aşakdaky kategoriýalarda rekord goýup, ajaýyp güýç we çydamlylyk görkezdi:

  • 30 sekuntda iň köp gezek özüňi çekmek (zenanlar): 11
  • 30 sekuntda iň köp kip: 10
  • 30 sekuntda iň köp yza pyrlanmak: 14
  • 30 sekuntda iň köp yza salto atmak: 16

"Dört gezek Ginnesiň rekordlar kitabynyň titulynyň eýesi bolanyma buýsanýaryn – diýip, Çelsi begenjini paýlaşdy. - Muny başarjagym düýşüme-de girmezdi."

Lukmanlar Çelsiniň myşsa tonusynyň pesliginden ejir çekjekdigini çaklapdylar, ýöne ol 8 ýaşynda gimnastika bilen meşgullanyp başlap, munuň ýalňyşdygyny subut etdi.
Çelsiniň gazananlary sportuň çygryndan çykýar. Şeýle hem, ol H&M, Aerie, L'Oreal we Tommy Hilfiger ýaly brendler bilen hyzmatdaşlykda işleýän üstünlikli model.

“Men adamlary arzuwlaryna ýetmäge ruhlandyryp bilýändigimden hoşal. Maýyp ýaş gyzlaryň menden täsirlenip, gimnastika bilen meşgullanýandyklaryny görüp, diýseň begenýärin "- diýdi.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......