20-nji sentýabr Çikagoda Belal Muhammadyň güni diýlip yglan edildi

  • 23.09.2024 16:14
  • 11k+

Çikagonyň häkimi Brendon Jonson 20-nji sentýabry ýarym orta agramda UFC-niň häzirki çempiony Belal Muhammadyň güni diýip yglan etdi. Bu barada amerikaly söweşiji sosial ulgamlarda habar berip, şäher häkimliginden alan ýörite resminamasyny görkezdi diýip, “Rambler” ýazýar.

Muhammad 2012-nji ýylda professional MMA-da ilkinji gezek çykyş etdi, 2016-njy ýylda bolsa ilkinji gezek UFC-niň oktagonyna çykdy. 36 ýaşly söweşijiniň hasabynda guramada 15 ýeňiş we 3 ýeňliş bar.
Mançesterde (Angliýa) geçirilen UFC 304 ýaryşynda Muhammad ýarym orta agramda UFC-niň şol wagtky çempiony Leon Edwards bilen duşuşdy. Bäş raund dowam eden söweş emin agzalarynyň biragyzdan karary netijesinde Belalyň ýeňşi bilen tamamlandy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......