Dýubua öňki dünýä çempiony Joşuany ýeňip, IBF titulyny gorady

  • 22.09.2024 12:19
  • 14k+

Halkara boks federasiýasy (IBF) boýunça agyr agramda dünýä çempiony britaniýaly Daniel Dýubua watandaşy we öňki dünýä çempiony Entoni Joşuadan wagtyndan ir üstün çykyp, ilkinji gezek tituly gorady.

Söweş Londondaky "Uembli" stadionynda geçirildi (96 müň petegiň ählisi satyldy) we bäşinji raundda nokaut bilen tamamlandy. Gapma-garşylygyň dowamynda Joşua ençeme gezek nokdaun ýagdaýyna düşdi.
Ilkinji nokdaun birinji raundyň soňky sekuntlarynda Joşuanyň äňine takyk urgynyň urulmagy bilen boldy. Joşua diňe dördünji raundda işjeňleşip başlady, ýöne garşydaşyna agyr urgy ýetirip bilmedi. Bäşinji raundda Joşua Dýubuany silkindirip bildi, ýöne Dýubuanyň garşydaşyň äňine nobatdaky urgusy söweşe nokat goýdy. Joşua emin sanap gutarýança ýerinden turup bilmedi.
Dýubuanyň hasabynda indi 22 ýeňiş we iki ýeňliş bar. 2012-nji ýylyň Olimpiýa çempiony bolan Joşua üçin bu ýeňliş dördünji boldy, onuň hasabynda 28 ýeňiş bar.
Öň, titula absolýut dünýä çempiony ukrainaly Aleksandr Usik eýeçilik edýärdi, ýöne ol Taýson Fýuri bilen rewanş we goragy geçirmegiň mümkin däldigi sebäpli guşagy boşatdy.


şu gün 09:52
6.4k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......