BHP: Emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi mis ýetmezçiligine getirer

  • 19.09.2024 21:18
  • 4k+

BHP dag magdan gazyp çykarýan kompaniýa emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň ösdürilmegi mise bolan islegiň ep-esli ýokarlanmagyna getirer we bu metalyň ýetmezçilik meselesini has hem ýitileşdirer diýip çaklaýar. Seljerijiler 2050-nji ýyla çenli mise bolan islegiň ýylda 3,4 million tonna artyp biljekdigini çaklaýarlar diýip, Financial Times habar berýär.

Mis maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezlerinde ulanylýan kabeller üçin möhüm materialdyr. Bu metal sowadyş ulgamlarynda we maglumat merkezlerinde prosessorlary birikdirmek üçin hem zerurdyr.
BHP 2050-nji ýyla çenli dünýäde mise islegiň 52,5 million tonna ýetjekdigini çaklaýar we bu 2021-nji ýylda hasaba alnan 30,4 million tonnadan ep-esli ýokarydyr. Kompaniýanyň baş maliýe direktory Wandita Pant häzirki wagtda mise islegiň 1% -inden hem az bölegini tutýan maglumat merkezleriniň asyryň ortalaryna 6-7% sarp etjekdigini aýtdy.
Soňky ýyllarda mis ýetmezçiliginiň we täze känleriň haýal depginde açylýandygynyň  fonunda bu metalyň bahasy ýokarlandy. Şeýle hem, hünärmenler misiň her tonnasynyň bahasynyň 40 müň dollara çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar, sebäbi islegiň we üpjünçiligiň deňagramsyzlygy hasam aýdyň ýüze çykar.
AI tehnologiýalary we maglumat merkezleri ýakyn onýyllykda mise isleginiň esasy hereketlendirijisi bolar.


26.02.2026 09:36
2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.8k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

07.02.2026 12:51
1.3k+

Google golda baryny gaýgyranok: kompaniýa EA üçin şu ýyl 185 mlrd dollar çykdajy etmekçi

Google kompaniýasy emeli aňy ösdürmek üçin düýpli maýa goýumlaryny ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Muny Business Insider neşiri habar berýär. Gözleg gigantynyň enelik kompaniýasy bolan Alphabet geljek ýyl çykdajylaryň 175–185 milliard dollar boljakdygyny çaklaýar...

29.01.2026 10:25
4.5k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...