Brendiňi köpçülige nädip tanadyp bolar? Logotipli ýeňsizler ýerine düşüp biler

  • 18.09.2024 00:04
  • 8.2k+

A siz Türkmenistanda janly mahabaty gördüňizmi?
Adaty mahabatdan tapawutlylykda, ol bir ýerde durman, ondan-oňa hereket edip durýar! Onuň üstünliginiň syry ýönekeý – bu siziň egin-eşiklerdäki mahabatyňyzdyr.
Siziň logotipiňiz bilen keşdelenen korporatiw ýa-da sowgatlyk geýim - dessine geýip bolýan mahabat nyşanyna öwrülýär we hemme ýerde siziň brendiňize ünsi çekip, ýatda galýar. Galyberse-de, öz işgärleriňiziň ykjam, professional geýinmegini we her gün hem-de islendik howa şertlerinde özlerini rahat duýmagyny üpjün edýär.
Bu işde size «ELEGANT» kompaniýasy kömek edip biler.
TmCars bu gezekki makalasynda sargyt esasynda logotipli ýeňsiz kurtkalaryny öndürýän «ELEGANT» kärhanasy barada gürrüň berýär. Bu kärhanadan sargyt etmek üçin telefon belgisi aşakda getirilýär.

«ELEGANT», heniz howanyň sowap başlamagyndan öňinçä, öz firma stiliňiziň aladasyny edip, güýz we gyş pasyllary üçin niýetlenen, siziň logotipiňiz bilen keşdelenen ýyly ýeňsizleri amatly bahadan eýýäm häzirden sargyt etmegi teklip edýär.
Öz işgärleriňiziň ykjam, professional geýinmegini we her gün hem-de islendik howada özlerini rahat duýmagyny üpjün etmek isleýäňizmi?!
«ELEGANT» kompaniýasynyň öndürýän içi sintiponly ýeňsizleri berk hem ýeňildir. Olar ençeme gezek ýuwlandan soňra-da öz durkuny we reňkini ýitirmeýär. Ýokary tehnologik enjamlarda ýokary hilli matalardan önümler size uzak wagtlap hyzmat eder.

«Şerbet», «Şazada», «Täjir» ýaly supermarketler, «Supermax», «Altyn Şöhle», «Awtogüýç», «Timar» we ençeme beýleki brendler öz müşderilerine saýlan dizaýnlary boýunça «ELEGANT» kompaniýasynda taýýarladan ýeňsizlerini sowgat edýärler. Şeýle etmek bilen, olaryň logotipy keşdelenen, göze gelüwli we ykjam geýimini diňe öz işgärleri däl-de, eýsem, monça bolan müşderileri hem geýýär we baran ýerlerinde şol brendi ýaýradýarlar.
«ELEGANT» kompaniýasy şeýle hem siziň logotipiňizi keşdelemek bilen kepkalary, batnikleri we futbolkalary öndürmek ýaly hyzmatlary hem hödürleýär.
Sargydyň iň az sany – 50 sany.
Öz logotipiňiz oturdylan ýeňsiz žiletleri, kurtkalary şu telefon belgisine jaň edip sargyt edip bilersiňiz:
+99365 08-23-47


06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......