Şon O’Melli gruziýaly Merab Dwalişwiliden ýeňlip, UFC-niň çempion guşagyny ýitirdi

  • 16.09.2024 10:06
  • 8.8k+

Las-Wegasdaky (ABŞ) “Sfera” arenasynda UFC 306 ýaryşy geçirilip, onuň esasy wakasy iň ýeňil agramda häzirki çempion Şon O’Melli bilen dalaşgär Merab Dwalişwiliniň arasyndaky titul söweşi boldy. Söweş tutuş bäş raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karary netijesinde Merab Dwalişwiliniň ýeňmegi bilen tamamlandy. Netijede, ol iň ýeňil agramda UFC-niň çempion guşagynyň täze eýesi boldy.

Mundan öň O’Melli mart aýynda söweşip, Marlon Weradan üstün çykdy. Amerikaly söweşijiniň hasabynda 18 ýeňiş, iki ýeňliş bar, onuň gatnaşmagynda geçirilen ýene bir söweş netijesiz tamamlandy.
Dwalişwili bu söweşden öň 10 söweşden ybarat ýeňişli tapgyrdady. Onuň hasabynda 17 ýeňiş we dört ýeňliş bar. 33 ýaşly Merab UFC-niň Gruziýa wekilçilik edýän ilkinji çempiony boldy.
Belläp geçsek, UFC 306 liganyň taryhynda iň girdejili ýaryş boldy. Bu barada promouşeniň başlygy Dana Uaýt metbugat maslahatynda habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, “Sfera” arenasyndaky 16 024 ornuň ählisi satyldy. Bu ýaryş üçin petek satuwyndan gazanylan umumy girdeji 22 mln dollar boldy we bu UFC-niň taryhynda rekorddyr. Şeýle-de, liganyň taryhynda bir ýaryş üçin iň köp janköýer atributikasy satyldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......