18-nji sentýabrda bölekleýin Aý tutulmasy bolar: Aýyň reňki gyzylymtyl öwser

  • 15.09.2024 18:29
  • 9.2k+

18-nji sentýabrda bölekleýin Aý tutulma hadysasy bolar, şol döwürde Aý tegeleginiň gyrasy garalyp, gyzylymtyl öwser. Bu barada Moskwa Planetariýasyndan astronom Lýudmila Koşmanyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär.

Aý tutulmasynyň iň ýokary tapgyrynyň aşgabat wagty bilen sagat 07:44-de  bolmagyna  garaşylýar, şonda Aýyň diskiniň kiçeňräk sag ýokarky bölegi gyzyl-goňur öwser.
Bölekleýin tutulmanyň dowamlylygy dört sagat töweregi bolar. Gün tutulmasy sagat 05:42-de başlap, 09:48-de tamamlanar. Aýyň Ýeriň kölegesinden bölekleýin geçýän fazasy sagat 07:13-den 08:16-a çenli dowam eder. Bu hadysany synlamak üçin günbatar gözýetimiň açyk we asmanyň bulutsyz bolmagy gerek.
Gün tutulmasy Ýewropany, Aziýany, Afrikany, Amerikany we Ýuwaş ummanyny, Atlantik we Hindi ummanlaryny öz içine almak bilen, dünýäniň köp sebitlerinden görner. Bu hadysa Aýyň gözýetimden belentde ýerinde has gowy görner.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...