Hytaýda 2025-nji ýyldan başlap pensiýa ýaşy ýokarlandyryldy

  • 15.09.2024 18:12
  • 15k+

Hytaýyň hökümeti 1978-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak kararyna geldi. Täze düzgünler 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer we 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçiriler diýip, Xinhua resmi habarlar gullugy habar berdi.

Özgertmelere görä, erkekleriň pensiýa ýaşy 60 ýaşdan 63 ýaşa çenli, önümçilikde işleýän aýallaryňky - 50 ýaşdan 55 ýaşa çenli, wezipeli işlerde işleýän aýallaryňky  bolsa - 55 ýaşdan 58 ýaşa çenli ýokarlanar.
Bu karar Hytaýda ömrüň dowamlylygynyň ýokarlanmagy we işe ukyply ilatyň azalmagy bilen baglanyşykly kabul edildi. Pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmaklyk pensiýa ulgamyna düşýän agramy azaldar we onuň uzak geljekde durnukly bolmagyny üpjün eder.
Hytaýda pensiýa ýaşy öň dünýäde iň aşaklaryň biridi. Özgertmelerden soň, ýurt goňşy Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň görkezijilerine ýakynlaşar, bu ýerde erkekler we aýallar degişlilikde 65 we 63 ýaşynda pensiýa çykýarlar diýip, Reuters agentligi belleýär.
Trading Economics hyzmatynyň 2024-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, pensiýa ýaşy iň ýokary ýurtlaryň sanawynda Awstraliýa, Daniýa, Gresiýa, Italiýa, Islandiýa we Niderlandlar öňde barýar, bu ýurtlarda erkekler we aýallar 67 ýaşynda pensiýa çykýarlar.


12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......