Çendler Makgregora garaşmakdan ýadady. Ol Oliweýra bilen rewanş geçirer

  • 15.09.2024 11:48
  • 16k+

Amerikaly Maýkl Çendler 16-njy noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek UFC 309 ýaryşynda braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen duşuşar. Bu barada MMA Junkie habar berýär.

Çendler iki ýyllap diýen ýaly iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor bilen söweşmek üçin garaşdy, ýöne irlandiýalynyň taýýar däldigi sebäpli söweş ençeme gezek soňa goýuldy. UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt 38 ýaşly Çendleriň garaşmakdan ýadandygyny we başga bir garşydaş bermegi sorandygyny aýtdy.
Çendler bilen Oliweýra 2021-nji ýylyň maý aýynda ýeňil agramda UFC-niň erkin çempion tituly ugrunda söweşipdi. Bu duşuşyk ikinji raundda braziliýalynyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Oliweýra russiýaly Islam Mahaçew bilen söweşde titulyny ýitirdi.
34 ýaşly Oliweýranyň hasabynda MMA-da 34 ýeňiş we 10 ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplanyldy.
Soňky gezek 2022-nji ýylyň noýabrynda söweşen Çendleriň hasabynda bolsa 23 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......