Toni Kroos Madridde öz ady bilen täze futbol klubuny açar

  • 12.09.2024 13:33
  • 11k+

“Realyň” we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy Toni Kroos Madridde çagalar üçin täze futbol klubuny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Marca” ispan neşiri habar berdi.

Maglumatlara görä, klub “Toni Kroos” adyny göterer we ýaş zehinleri ösdürip ýetişdirmäge gönükdiriler.
Soňky hepdelerde Kroos Madridiň Patyşalyk futbol federasiýasynyň we “Ensinas de Boadilýa” sport klubunyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.
Ýatlap geçsek, Kroos Ýewropa çempionaty – 2024-däki çykyşyndan soň professional karýerasyny tamamlady. Ýaryşda Germaniýanyň milli ýygyndysy çärýek finalda ispaniýalylardan 1:2 hasabynda utuldy.
Ýarymgoragçy klub karýerasynda 754 oýna gatnaşyp (73 gol, 166 assist), 33 kubok gazandy. Şeýle-de, Kroos Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 113 oýna gatnaşdy (17 gol, 21 assist). Ol 2014-nji ýylda dünýä çempiony boldy.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....