Huawei dünýä bazarynda smart-sagatlaryň we dakylýan gurluşlaryň esasy üpjün edijisi boldy

  • 10.09.2024 12:26
  • 2.4k+

2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Huawei 20,3% paý bilen global dakylýan elektronika bazarynda öňdebaryjy boldy. IDC-niň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň gurluş üpjünçiligi 8,9 mln birlik bolup, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür.

Huawei üçin esasy bazar Hytaý bolup galýar, bu ýerde kompaniýa bazara 6 mln töweregi gurluş iberip, bazar paýyny 38,4%-e çenli artdyrdy. Dakylýan gurluşlaryň global satuwynyň 0,7% azalandygyna garamazdan, Huawei önümlerine, aýratynam, Watch Fit 3 modeline isleg ýokary boldy. Şeýle-de, kompaniýa Merkezi we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika we Latyn Amerikasy bazarlarynda öz paýyny artdyrdy.
Xiaomi 5,9 mln gurluş bilen üpjün edip, 13,5% paý bilen ikinji orny eýeledi, Apple bolsa 5,7 mln gurluş we 13,1% paý bilen üçünji orunda ýerleşdi. Samsung we BBK, degişlilikde, 3,3 we 2,9 mln gurluş bilen bäşligi jemlediler.


17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....