Netflix выпустит мультсериал по «Сумеркам»

  • şu gün 17:09
  • 3.5k+
Netflix выпустит мультсериал по «Сумеркам»

Netflix Stefani Maýeriň “Alagaraňkylyk” (Сумерки) romany esasynda animasion serialyny çykarar. 2023-nji ýylyň aprel aýynda ilkinji gezek agzalyp geçilen bu taslama meşhur franşizanyň täzeçe beýany bolar diýip, Variety habar berýär.

Animasion serial, “Alagaraňkylyk” kitabynyň 2020-nji ýylda çykan “Ýary gijäniň Güni” (Солнце полуночи) atly birinji bölümine esaslanar. Ýöne mazmun Bella Swon däl-de Edward Kallen tarapyndan gürrüň berilýär.
Serialyň ssenaristi we prodýuseri hökmünde Sindi Deýli çykyş eder.
“Alagaraňky saga” (Сумеречная сага) 2008-nji we 2012-nji ýyllar aralygynda bäş gezek ekranlaşdyrylyp, kassa ýygymynda 3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Filmde Edward Kalleniň roluny Robert Pattinson, Bella Swonuň roluny bolsa Kristen Stýuart ýerine ýetirdi.


şu gün 17:06
2.4k+

"Tagtlaryň oýny" filminiň 2000 sany rekwiziti satuwa çykarylar

HBO we Heritage Auctions “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) filminiň surata düşürilişinde ulanylan 2000-den gowrak rekwiziti auksiona çykarar. 10-12-nji oktýabr aralygynda geçiriljek onlaýn auksionlarda Sersei Lannisteriň...

06.09.2024 11:21
6k+

Tim Býorton Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz aldy

Özüniň gotiki we fantastiki filmleri bilen tanalýan režissýor Tim Býorton Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” köpden bäri garaşylan ýyldyzy aldy. Bu barada Film.ru habar berýär. Ýyldyzyň gowşurylyş dabarasynda Býortony...

04.09.2024 14:37
9.1k+

Kaliforniýa mirasdüşerleriniň razylygy bolmazdan merhum aktýorlaryň emeli aň arkaly "direldilmegini" gadagan edýär

Kaliforniýa ABŞ-da, mirasdüşerleriniň razylygy bolmazdan, emeli aňy ulanyp, merhum aktýorlaryň sanly nusgalarynyň döredilmegini kanuny taýdan gadagan eden ilkinji ştat boldy. Döwlet senaty tarapyndan kabul edilen...

03.09.2024 14:54
6k+

Aşgabatda kino hepdeliginiň tertibi

3 – 9-njy sentýabrda Aşgabatda kino muşdaklaryna gyzykly hepde garaşýar. Paýtagtyň kinoteatrlarynda dürli žanrda täze filmler görkeziler. Tomaşaçylar hereketli filmlerden we trillerlerden başlap, animasion we fentezi...