Daşoguz welaýatynda Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi

  • şu gün 13:54
  • 1.4k+
Daşoguz welaýatynda Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi

3-nji sentýabrda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy.
Maslahat welaýatyň ähli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara möhüm daşky gurşaw meseleleri boýunça pikir alyşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýaşlaryň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
Maslahatyň işi tematiki bölümçeler görnüşinde geçirildi.
Bölümçeleriň mowzuklaryna laýyklykda, her topar ýurduň ähli welaýatlarynda geçjek we Aşgabatda tamamlanjak mowzuklaýyn maslahatlaryň ahyrynda kabul ediljek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipleri taýýarlady.
Duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (HÜÇK) proseslerine bolan garaýyşlaryny beýan edýän Ýaşlar beýannamasy kabul ediler, şeýle-de ol Bakuda geçiriljek COY19 Ýaşlar maslahatynda hödürlener we COP29-da YOUNGO-nyň resmi ählumumy çemeleşmesine giriziler.


şu gün 15:12
689

Türkmenistanda notariuslaryň hünär etikasynyň kadalary tassyklanyldy

Türkmenistanda Döwlet notariusynyň we hususy notariusyň Kasamyny kabul etmegiň tertibi hem-de olaryň hünär etikasynyň kadalary tassyklanyldy. Türkmenistanyň adalat ministri M.Taganow degişli Buýrugy 15-nji iýulda çykardy...

şu gün 14:56
604

Türkmenistan "AMC Overseas" kompaniýasy bilen söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmämmet Garajaýew «AMC Overseas» kompaniýasynyň direktory Şuwra Çakraborti bilen kompaniýanyň Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna gatnaşmak...

şu gün 14:42
1.3k+

Arkadag şäheri «akylly» şäherleriň halkara sergisinde 3 sany baýrak aldy

Arkadag şäheri «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde birbada üç sany baýraga mynasyp boldy. Bu barada 4-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän serginiň baýrak...

şu gün 13:46
912

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şwesiýada duşuşyklary geçirdi

Stokgolmda Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasynda syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary...