Toyota we Lexus ulanylan iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda öňdeligi eýeledi

  • 03.09.2024 12:20
  • 11k+

Amerikanyň Consumer Reports gullugy 5 ýyldan 10 ýyla çenli sürlen ygtybarly ulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Sanawda öňdeligi ygtybarlydygyny subut eden Lexus we Toyota eýeleýär diýip, auto.ru habar berýär.

Barlagyň netijesine görä, iki marka-da ýyllarboýy ygtybarlylygyň ýokary görkezijilerini yzygiderli görkezip gelýär. Wagtal-wagtal täzelenmelere garamazdan, Lexus we Toyota ulaglaryna girizilen üýtgeşmeler konserwatiw häsiýeti saklaýar, bu bolsa olaryň ömrüniň uzak boljakdygyny kepillendirýär.
Mümkin bolan 100 baldan 75 bal alan Lexus sanawda absolýut lider boldy. 72 bal toplan Toyota ondan sähelçe yza galýar.
Şeýle-de, ulanylan iň ygtybarly ulaglaryň ilkinji bäşligine Mazda (59 bal), Acura (57 bal) we Honda (55 bal) girýär.
Munuň tersine, Chrysler (27 bal), Dodge (28 bal) we Tesla (30 bal) sanawyň ahyryna düşdi.


21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....