Hyundai Santa Fe krossowerini täzeledi we täze Elantra 2025 sedanyny hödürledi

  • 31.08.2024 11:39
  • 7.1k+

Hyundai Motor 2025-nji ýylyň täzelenen modellerini - Santa Fe krossowerini we Elantra sedanyny hödürledi.

Santa Fe-niň daşky görnüşi üýtgemedi. Prestige wersiýasy çaknyşyklaryň öňüni almak we awtoulag ýoldaka kömek etmek ulgamlaryny aldy.
Model 34.2 müň dollardan 49 müň dollara çenli bahalarda hödürlenýär.

2025-nji model ýylynyň Elantra sedanynyň bahasy 21 875 dollardan başlaýar, bu bolsa ozalky wersiýadan 250 dollar gymmatdyr. SEL Convenience modeli indi Convenience toplumy bolan kämilleşdirilen Elantra SEL modeline öwrüldi. SEL Sport modeli bolsa, täze gara spoýleri, alýumin pedallary we 8 dýuýmlyk maglumat ulgamy bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem, Hyundai has amatly bolan gibrid görnüşi Elantra Hybrid Blue-ni hödürleýär. Onuň başlangyç bahasy 25 100 dollar, bu öňki wersiýadan 1150 dollar arzan. Awtoulaga analog görkezijileri we 8 dýuýmlyk ekran gurnalandyr.

Ýokary öndürijilikli Elantra N modeli 276 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň bahsy 33 950 dollar. Adaty wersiýa 147 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik hereketlendirijini aldy, N Line modeli bolsa 201 at güýjüni öndürýän 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir.


26.05.2026 10:00
3.9k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

22.05.2026 06:05
4k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....

06.05.2026 01:36
4k+

Täze Elantra N 2027 täze hereketlendiriji bilen Nýurburgringde synagdan geçirilýär

Hyundai N sport setiri üçin täze hereketlendirijini Nýurburgringde synagdan geçirýär. Elantra N1 RP-iň prototipi güýç gurluşynyň ygtybarlylygy synagdan geçirilýän “Nýurburgringiň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşýar....