Amerikaly beýsbolçy bir oýunda iki garşydaş toparda oýnady

  • 29.08.2024 10:03
  • 4.1k+

Beýsbolçy Denni Jensen bir oýunda iki garşydaş toparda oýnan ilkinji oýunçy bolup, taryha girdi. Bu barada The Athletic ýazýar.

Şeýle özboluşly waka “Toronto Blýu Jeýs” bilen “Boston Red Soksyň” arasyndaky duşuşykda mümkin boldy. Oýun 26-njy iýunda başlady, ýöne güýçli ýagyş sebäpli kesildi.
Oýun başlananda Jensen “Torontonyň” oýunçysydy. Ýöne bir aýdan soň ol “Bostona” berildi. 27-nji awgustda oýun dowam etdirilende, Jensen eýýäm täze topara wekilçilik edýärdi. Oýun “Blýu Jeýsiň” 4:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
“Red Soksyň” menejeri Aleks Kora bu wakanyň özboluşlylygyny belledi.

“Bu täsin pursat boldy. Munuň ýene gaýtalanjakdygyny ýa-da ýokdugyny bilemok. Munuň üçin şowuna düşmeli. Ýöne men hemmeleriň lezzet alandygyna begenýärin” – diýip, Kora belledi.
“Men heniz doly aňlap ýetişmedim öýdýän. Men muny eden ilkinji adamdygymy bilenimde, geň galdym. Oýunda şeýle yz galdyrmak – geň we gyzykly. Men şeýle mümkinçilik üçin minnetdar. Her niçigem bolsa, bu örän gowy” – diýip, Jensen aýtdy.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.7k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......