UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň resmi topuny görkezdi

  • 29.08.2024 03:04
  • 5.9k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) resmi saýtynda Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ähli oýunlarynda ulanyljak topy görkezdi. 

Relizde bellenilişi ýaly, Adidas kompaniýasy tarapyndan hödürlenen toplar dizaýn taýdan nusgawy görnüşe gaýdyp geldi, ýöne täzelenen tehnologiýa eýe boldy. Toplarda ýene uçdan uja çenli ýyldyzlar bolar.
Täze toplar nusgawy dizaýndan başga-da, takyklygy ýokarlandyrmak üçin işlenip taýýarlanan birnäçe tehnologiýa bilen tapawutlanar.
Çempionlar ligasynyň esasy tapgyry 17-nji sentýabrda başlar, bije çekişik 29-njy awgustda bolar. Bu möwsümde ýewrokuboklar Şweýsariýa ulgamy boýunça täze görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylar toparlara bölünmez, şol bir wagtyň özünde her topar birinji tapgyrda dürli garşydaş bilen sekiz oýun geçirer.


şu gün 17:01
2.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
3.5k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....