Ronaldu tälimçi bolmak we Portugaliýanyň milli ýygyndysyndan gitmek ähtimallygy barada aýtdy

  • 28.08.2024 14:47
  • 20k+

“Al-Nasr” saud klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu oýun karýerasyny tamamlandan soň, tälimçi bolmagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. A Bola neşiri bilen söhbetdeşlikde 39 ýaşly hüjümçi özüni tälimçi hökmünde görmeýändigini we futboldan daşary başga taslamalara ünsi jemlemek isleýändigini belledi.

“Häzirki wagtda haýsydyr bir toparyň tälimçisi bolmak pikiri kelläme gelmeýär. Men şeýle geljegi göremok” – diýip, Ronaldu belledi.

Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky geljegi barada aýtmak bilen, Ronaldu gitmek baradaky çözgüdiň öz-özünden, ýöne oýlanyşykly boljakdygyny belledi.

“Men milli ýygyndyny terk edenimde, hiç kime öňünden aýtmaryn. Bu men tarapyndan örän duýdansyz çözgüt bolar. Ýöne örän oýlanyşykly. Häzir men milli topara kömek etmek isleýärin” – diýip, hüjümçi aýtdy.

Ýatlap geçsek, Kriştianu Ronaldu “Altyn topuň” bäş gezek eýesi we 2016-njy ýylyň Ýewropa çempionydyr.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......