Floýd Meýwezer bilen Gottiniň arasyndaky söweş ýeňijisiz tamamlandy

  • 26.08.2024 08:09
  • 16k+

25-nji awgustda Mehikoda (Meksika) boks agşamy geçirildi we onuň esasy wakasy Floýd Meýwezer-kiçi bilen Jon Gotti III-niň arasyndaky söweş boldy. Söweş tutuş sekiz raund dowam etdi we ýeňiji yglan edilmezden tamamlandy. Çünki, söweş görkezme häsiýetindedi we ýeňiji diňe nokaut bolan ýagdaýynda yglan edilip bilnerdi.

Boksçylaryň arasyndaky birinji söweş altynjy raundda Meýwezeriň ýeňmegi bilen tamamlanypdy. Şonda Jon Gotti nägilelik bildirip, Floýdyň üstüne abandy. Ringe boksçylaryň toparlarynyň wekilleri-de çykdy we uly dawa başlandy. Netijede, Gotti çykyşlardan ýarym ýyl çetleşdirildi, ýöne soň bu jeza ýatyryldy.
Floýd Meýwezer - ýeňilmedik amerikaly professional boksçy. The Ring žurnaly boýunça (2005-2007, 2013-2015), ol agram derejesine garamazdan iň gowy boksçy hasaplanylýar.
30 ýaşly Gotti birnäçe ýyl höwesjeň derejede çykyş edip, MMA-nyň professional söweşijisi boldy. 2017-nji ýylda professional derejä geçenden soň, onuň rekordy 5-1 boldy.


şu gün 09:52
6.4k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......