“Çelsi” transferlere $1,61 mlrd sarp etdi: bu pula näme satyn alyp bolýar?

  • 24.08.2024 17:57
  • 15k+

Tomusky transfer penjiresi ahyrlap barýar we futbol klublary şertnamalaryny ýapmak bilen meşgullanýarlar.

Häzirki wagtda “Çelsi” täze satyn alyşlara 1,61 mlrd dollar sarp edip, çykdajylar boýunça lider boldy. Amerikaly işewür Tod Boeli 2022-nji ýylyň ýazynda klubuň eýesi boldy, şondan bäri topar işjeň transfer kampaniýasyny alyp barýar.
Dailysports neşiri şeýle mukdaryň köp sanly lýuks satyn alyşlaryň bahasyndan ýokarydygyny belleýär. Mysal üçin, 1,61 mlrd dollara her biriniň bahasy 28 mln dollar bolan 57,5 müň Rolls-Royse Boat Tail awtomobilini satyn alyp bolýar.
Mundan başga-da, bu serişdeler 50 sany kaşaň gämini satyn almaga ýa-da dünýäde iň gymmat golf meýdançasy bolan Shadow Creek Golf Course ýaly 26 sany golf meýdançasyny gurmaga mümkinçilik bererdi. Şeýle-de, bu mukdara 3220 sany uly bolmadyk hususy uçary ýa-da 10 sany Boeing 737 täjirçilik uçaryny satyn alyp bolardy.
Mukdar 549 milliondan gowrak Koka-Kola çüýşesini ýa-da häzire çenli auksionda satylan iň gymmat sagat – Patek Philippe Grandmaster Chime-den 51,9 sanysyny satyn almaga mümkinçilik berýär. Bu mukdara “Awatar 2-niň” derejesinde üç film surata düşürip, Bagamada ýa-da Floridada 21 ada satyn alyp bolýar.
Kosmos syýahaty barada arzuw edýänler üçin, bu mukdar Halkara kosmos stansiýasyna 29 orbital uçuşy amala aşyrmaga mümkinçilik bererdi.
Şeýlelikde, “Çelsiniň” transferlere sarp eden mukdary diňe bir futbol dünýäsinde däl, eýsem zynat dünýäsinde-de haýran galdyrýar. Şeýle-de bolsa, topar bu mukdara laýyk gelýän oýun derejesini heniz görkezmedi.


şu gün 14:35
768

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......