Meksikanyň täze saýlanan Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum zenanlaryň işleri boýunça täze Ministrligiň dörediljekdigini yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, edara 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, Şeýnbaum döwlet Baştutany wezipesine girişenden soň işläp başlar diýip, TASS habar berýär.
Ministrlik zenanlaryň işleri boýunça Milli institutyň esasynda dörediler. Oňa “Morena” partiýasynyň häzirki baş sekretary we Mehikodan senator Sitlali Ernandes Mora ýolbaşçylyk eder. Ernandes dünýäniň dürli künjeginden zenan aktiwistleri we çepçi syýasatçylary birleşdirýän Internacional feminista halkara feministik guramasynyň esaslandyryjysy hökmünde hem tanalýar.
Zenanlaryň işleri boýunça Ministrligiň döredilmegi Meksikanyň ilkinji zenan Prezidenti boljak Klaudiýa Şeýnbaum tarapyndan öňe sürlen özgertmeleriň bir bölegidir.