Dýu Plessi Adesanýany demikdiriji emel ulanyp ýeňdi we UFC-niň titulyny gorady

  • 18.08.2024 14:02
  • 11k+

Garyşyk başa-baş söweşleriň (MMA) günorta afrikaly söweşijisi, orta agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Drikus dýu Plessi liganyň 305-nji belgili ýaryşynyň esasy tutluşygynda Täze Zelandiýadan Israel Adesanýany ýeňlişe sezewar etdi. 

Söweş Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirildi we Adesanýanyň dördünji raundda demikdiriji emelden soň boýun egmegi bilen tamamlandy.
Indi dýu Plessiniň hasabynda 22 ýeňiş we iki ýeňliş bar. UFC-niň öňki çempiony Adesanýanyň hasabynda bolsa 24 ýeňiş we dört ýeňliş bar.
UFC 305-iň ýene bir esasy wakasynda täze zelandiýaly Kaý Kara-Frans awstraliýaly Stiw Ersegi möhletinden ir ýeňdi. Iň ýeňil agramyň wekilleriniň gapma-garşylygy birinji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......