Meksikada ýagyş sebäpli 1100 ýyllyk piramidanyň bir bölegi ýumruldy

  • 18.08.2024 13:19
  • 14k+

Meksikanyň Miçoakan ştatynda Iuasio arheologiki zolagynda ýerleşýän 1100 ýyllyk piramidanyň bir bölegi ýykyldy. Weýrançylyga sebitdäki adatdan daşary howa bilen utgaşyp gelen güýçli ýagyş sebäp boldy diýip, Daily Mail habar berýär.

Meksikanyň Milli antropologiýa we taryh instituty (INAH) ýumrulmanyň piramidanyň günorta fasadynyň merkezi böleginde bolup geçendigini aýtdy. Ýokary temperaturadan we ondan soňky gurakçylykdan ýaňa jaýryklar emele gelip, şolardan akan suw desganyň içine aralaşypdyr.
Iuasio piramidasy purepeça halkynyň astekleriň imperiýasyna garşy alyp barýan göreşiniň nyşany bolmak bilen, möhüm medeni we taryhy ähmiýete eýe. INAH-yň habar bermegine görä, ýeten zyýanyň bahasyny kesgitlemek üçin zerur çäreler görlüp başlandy we ýerli häkimýetler ýadygärligi dikeltmek maksady bilen eýýäm serişde ýygnamaga girişdi.


12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

21.05.2026 13:01
8.3k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......