Türkmenistanyň kýorlingçiler topary Norwegiýada ýygnanyşyk türgenleşigini geçer

  • 17.08.2024 12:17
  • 5.3k+

Türkmenistanyň kýorling boýunça topary 17–23-nji awgust aralygynda Norwegiýada Lillehammerde Ýaşlar lageriniň çäklerinde kýorling boýunça halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçer. Türkmenistan bilen birlikde, okuw-türgenleşiklerini 14 ýurtdan - Şwesiýadan, Ispaniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan toparlar geçer diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň ýetginjekler topary beýleki toparlar bilen türgenleşiklere, ussatlyk-sapaklaryna hem-de ýaryşlara gatnaşyp buzda oýnamak başarnyklaryny artdyrarlar. Ýaşlar türgenlerden başga-da, lagerde tälimçilere hem okuw geçiler.
Tälimçiler hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçerler hem-de sportuň gyşky olimpiýa görnüşlerini has-da ösdürmek boýunça kärdeşleri bilen tejribe alyşarlar.

– Türkmenistanyň Kýorling federasiýasy 2020-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyz Bütindünýä Kýorling federasiýasynyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu bolsa bize halkara derejeli ussatlardan öwrenmäge, toparda oýnap bilýän hünär derejeli türgenleri geljekde taýýarlamak üçin sportuň bu görnüşi boýunça tälimçilik derejeleri artdyrmaga mümkinçilik berýär – diýip, ýygyndynyň baş tälimçisi Sakina Gulamalyýewa gürrüň berýär.

Türgenleşik lagerine okuwa ugraýan ýetginjekler toparynyň düzüminde – 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Kýorling federasiýasynyň açyk ýaryşynda üstünlikli çykyş eden türgenler bar. Toparyň kapitany – Emina Nurmuhammedowa, wise-kapitan – Aýşa Geldimyradowa. Birinji oýunçy – Daňatar Muhamow, ikinji oýunçy – Selim Baýramow.

Okuw tejribeliginiň netijeleri boýunça ýygnanyşyklarda toparlaryň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Lillehammer sportuň gyşky görnüşleriniň merkezleriniň biri hökmünde bellidir. 1994-nji ýylda bu ýerde XVII gyşky olimpiýa oýunlary, 2016-njy ýylda bolsa – ikinji gyşky ýetginjekler olimpiýa oýunlary geçirilipdi. Halkara türgenleşik lageriniň guramaçylary şöhratly olimpiýa däplerini dowam edip, sportuň gyşky görnüşleri babatda Norwegiýanyň tejribesini paýlaşmagy hem-de tutuş dünýäniň ýaş türgenlerini we tälimçilerini goldamagy maksat edinýärler.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....