Alymlar atlaryň pikirlenip we hereketlerini meýilleşdirip bilýändiklerini subut etdiler

  • 15.08.2024 13:08
  • 5.4k+

Nottingemiň Trent uniwersitetiniň barlagçylary atlaryň öňünden meýilleşdirip we strategik pikirlenip bilýändiklerini subut etdiler. Bu barada, The Guardian habar berýär.

Synag wagtynda, 20 sany ata kartoçka degmek arkaly iýmit almak öwredildi. Synagyň ikinji tapgyrynda “durmak signaly” girizildi we atlar diňe signal öçürilende iýmiti alyp bilýärdiler. Ilki haýwanlar ýagtylyga üns bermän, kartoçka galtaşmagyny dowam etdiler. Ýöne üçünji tapgyrda, ýalňyşlyk üçin 10 sekuntlyk wagt girizilende, atlaryň ýalňyşlyklary birden azaldy.
Alymlar atlaryň diňe bir signallara jogap bermän, eýsem oýnuň düzgünlerine düşünip, ýerine ýetirilmeli zatlary seljerip bilendiklerini belläp geçýärler. Bu aýratynlyklar, adamyňky bilen deňeşdirip boljak ýokary bilim derejesini görkezýär.
Barlagçylar bu hereketleriň atlardan geljek hakda pikirlenmeklerini we islenýän netijesine ýetmeklerini talap edýändigini nygtaýarlar.
Synag has gowy netijeleri gazanmak üçin ýowuz tälim usullarynyň zerur däldigini subut etdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....