Dubaýda hökümet işgärleri üçin dört günlük iş hepdesini synap görerler

  • 10.08.2024 23:13
  • 5.2k+

Dubaýyň häkimiýetleri döwlet işgärleri üçin dört günlük iş hepdesini girizmek mümkinçiligine seredýärler. The Arabian Post neşiriniň maglumatlaryna görä, “Biziň çeýe tomsumyz” atly başlangyç 2024-nji ýylyň 12-nji awgustyndan 30-njy sentýabry aralygynda 15 döwlet edarasynda synalyp görler.

Taslamanyň çäklerinde iş güni ýedi sagada çenli azaldylar, anna güni bolsa dynç güni bolar. Bu başlangyjy öňe süren Dubaýyň Adam resurslary departamentiniň (DGHR) pikiriçe, bu döwlet edaralarynda energiýanyň sarp edilişini azaltmaga we işgärlere dynç alyş üçin has köp wagt bermäge kömek eder.
DGHR synag döwründe başlangyjyň netijeliligine we hemişelik esasda geljekki durmuşa geçirme mümkinçiligine baha bermek üçin programma gatnaşyjylardan jogap seslenmelerini ýygnar.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...