Pepe 41 ýaşynda karýerasyny tamamlady

  • 09.08.2024 16:17
  • 7k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony, 41 ýaşly goragçy Pepe “Instagramda” karýerasyny tamamlandygyny habar berdi.

Futbolçy ähli gazanan kuboklary bilen wideo ýerleşdirip, teswirde “Minnetdar” diýip ýazdy.
Pepe Braziliýada dünýä indi we futbol oýnamaga watanynda başlady. 2002-nji ýyldan Portugaliýanyň “Maritimu” we “Portu” toparlary üçin çykyş etdi. 2007 – 2017-nji ýyllarda Madridiň “Realynyň” oýunçysy boldy we onuň bilen üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Soň  “Beşiktaşa” geçdi, 2019-njy ýylda bolsa “Portu” gaýdyp geldi.
Pepe Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin 2007-nji ýyldan bäri 141 oýna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we Ýewropa çempionatynda (2016) hem Milletler ligasynda (2019) ýeňiji boldy. Germaniýada geçen Ýewropa çempionatynda Pepe taryhda iň uly ýaşly oýunçy bolup, wengriýaly derwezeban Gabor Kiraýyň rekordyny täzeledi. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......