“Leýkers” stadionynyň öňünde Kobi Braýanta we onuň gyzyna ýadygärlik oturdyldy

  • 05.08.2024 12:19
  • 8.3k+

“Leýkers” öz meşhur oýunçysyna, MBA-nyň bäş gezek çempiony Kobi Braýanta we onuň gyzy Jiannanyň hatyrasyna ýadygärlik açdy. Klubuň metbugat gullugy heýkeliň stadionyň girelgeleriniň biriniň golaýynda gurnalandygyny habar berdi.

Ýadygärlik 2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda açyldy, bu sene şuny alamatlandyrýar: “2” – Jiannanyň ýetginjekler basketbolyndaky belgisi, “8” we “24” – Kobiniň “Leýkersdäki” oýun belgileri.
Bu meşhur basketbolçynyň eýýäm ikinji heýkeli. Birinjisi fewral aýynda klubuň stadionynyň golaýynda gurnaldy.
Munuň bilen birwagtda ESPN-de “Leýkersiň” egin-eşik çalşylýan otagyndan Kobi Braýantyň şkafynyň 2,9 mln dollara satylandygy habar berildi. Braýant ony 2003-nji ýyldan 2016-njy ýylda karýerasyny tamamlaýança ulandy. Neşiriň maglumatlaryna görä, bu häzire çenli auksionda satylan iň gymmat sport şkafydyr.
Braýant 2020-nji ýylda 41 ýaşynda Kaliforniýa ştatyndaky Kalabasasda hususy dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde aradan çykdy. Onuň bilen bilelikde 13 ýaşly gyzy Jianna, bortdaky ýene alty adam we dikuçaryň uçarmany ýogaldy.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......