UFC 308-iň esasy söweşleri yglan edildi: Topuriýa vs Holloueý, Çimaýew vs Uittaker

  • 03.08.2024 22:02
  • 9k+

UFC-niň metbugat gullugy 26-njy oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 308 ýaryşynyň esasy söweşlerini yglan etdi. Agşamyň esasy söweşinde ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony, ispan-gruziýaly söweşiji Iliýa Topuriýa bilen amerikaly Maks Holloueý duşuşar.

2020-nji ýylda UFC-de ilkinji gezek çykyş eden 27 ýaşly Topuriýa 2024-nji ýylyň fewral aýynda awstraliýaly Aleks Wolkanowskini nokauta düşürip, titula eýe boldy. 32 ýaşly Holloueý aprel aýynda UFC 300-de Jastin Getjini nokauta gidirdi.

Agşamyň ýene bir esasy wakasy Hamzat Çimaýew bilen Robert Uittakeriň arasyndaky söweş bolar.
Ýeňilmedik orta agramly söweşiji Çimaýew öňki çempion, awstraliýaly Uittaker bilen duşuşar. Olaryň söweşi 22-nji iýunda bolmalydy, ýöne Çimaýew saglyk ýagdaýy sebäpli söweşden çekildi. Onuň deregine Uittaker Ikram Aliskerow bilen duşuşyp, ony birinji raundda nokaut bilen ýeňdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......