Ýurgen Klopp tälimçilik karýerasyny ýapandygyny yglan etdi

  • 01.08.2024 17:52
  • 6.8k+

Germaniýaly hünärmen, “Liwerpulyň” we Dortmundyň “Borussiýasynyň” öňki baş tälimçisi Ýurgen Klopp tälimçilik karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Muny ESPN GB internet neşiri habar berýär.

“Häzirki günde bu meniň üçin tälimçi hökmünde soňy. Men öz islegim boýunça işden çykmadym, bu umumy karar boldy. Men eýýäm dünýäniň iň gowy klublaryna tälimçilik etdim” – diýip, Klopp aýtdy.

Hünärmen “Liwerpuly” möwsümiň ahyrynda terk etdi. Ol karýerasynda 13 esasy kubogy, şol sanda Germaniýanyň iki çempionlygyny, Angliýa çempionatyny we Çempionlar ligasyny utdy.
“Liwerpul” geçen APL möwsüminiň jemi boýunça ýaryş jedwelinde 37 oýunda 79 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Topara indi täze tälimçi, niderlandly Arne Slot ýolbaşçylyk edýär. Öň ol “Feýenoorda” tälimçi boldy.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......