Formula-1: “Ferrariniň” sürüjisi Saýns “Williams” toparyna geçýär

  • 30.07.2024 22:36
  • 1.4k+

“Ferrari” toparyndan ýaryşa gatnaşyjy Karlos Saýns-kiçi 2025-möwsüminden başlap “Williams Racing” toparyna geçýär. Bu barada “Formula-1-iň” britaniýaly toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

2024-möwsüminiň ahyrynda 29 ýaşly ispaniýalynyň “Ferrari” bilen şertnamasy tamamlanar. Toparda onuň ornuny ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton eýelär.
Saýns “Formula-1” ýaryşlarynda üç ýeňiş gazandy we 23 gezek münbere çykdy.
Häzirki möwsümde ol 162 utuk gazanyp, umumy sanawda bäşinji orny eýeleýär. Saýns 2021-nji ýylda “Ferrarä” gelmezden ozal “Toro Rosso”, “Renault” we “McLaren” toparlarynda çykyş etdi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....