Belal Muhammad britaniýaly Leon Edwardsy ýeňip, UFC-niň çempiony boldy

  • 28.07.2024 18:50
  • 13k+

28-nji iýula geçilen gije UFC 304 ýaryşynyň esasy wakasynda britaniýaly Leon Edwards amerikaly Belal Muhammad bilen söweşde ýarym orta agramda (77 kg çenli) çempion guşagyny gorap bilmedi. Mançesterde (Beýik Britaniýa) geçirilen söweş bäş raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Muhammadyň ýeňşi bilen tamamlandy.

36 ýaşly Belal Muhammad professional söweşiji karýerasyna 2012-nji ýylda başlady, UFC-de bolsa ilkinji gezek 2016-njy ýylda söweşdi we şondan bäri 15 ýeňiş gazandy, üç ýeňlişe sezewar boldy.
2023-nji ýylyň maý aýynda UFC 288-de geçirilen öňki söweşinde Muhammad titula öňki dalaşgär braziliýaly Gilbert Býornsdan üstün çykdy. 


Leon Edwards 32 ýaşynda. Ol UFC-de 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýär. 2022-nji ýylyň awgustynda çempion tituly üçin söweşip, nigeriýaly Kamaru Usmany bäşinji raundda nokauta düşürdi, şondan soň iki gorag geçirdi. Muhammaddan ýeňilme Edwards üçin dokuz ýylda ilkinji we karýerasynda dördünji boldy. Soňky gezek Leon 2015-nji ýylda Kamaru Usmandan ýeňildi.
Agşamyň ýene bir esasy wakasynda britaniýaly Tom Aspinall amerikaly Kýortis Bleýdsi nokauta gidirip, agyr agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gorady.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......