Mastercard Formula-1-de “Maklareniň” täze hemaýatkäri boldy

  • 27.07.2024 09:21
  • 1.5k+

“Formula-1-iň” “Maklaren” topary Mastercard transmilli maliýe korporasiýasy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy we netijede, korporasiýa bu toparyň hemaýatkäri boldy. Bu barada “Maklareniň” metbugat gullugyna salgylanyp, Çempionat portaly habar berýär. Mastercard brendingi 2024-möwsüminde birneme soň peýda bolar.

“Mastercard dünýäniň niresinde bolsaňyz-da, derrew tanalýan meşhur gyzyl-sary logotipi bolan üýtgeşik brenddir. Mastercard biziň janköýerlere fantastiki täsirleri we özüňi ösýän global ýaryş jemgyýetimiziň bir bölegi hökmünde duýmak mümkinçiliklerini bermek hyjuwymyzy doly paýlaşýar. Biz olary “Maklaren” maşgalasynda görmäge şat” – diýip, toparyň metbugat gullugy baş müdir Zak Braunyň sözlerini getirýär.

Mastercard-dan başga-da, kompaniýa bilen hyzmatdaşlyga “Ferrariniň”, “Mersedesiň” we “Aston Martiniň” dalaş edendigi habar berilýär.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....