Amerikan kompaniýasy Özbegistanda 10-15 mlrd dollara “akylly şäher” gurar

  • 19.07.2024 15:30
  • 13k+

C&N Associates amerikan kompaniýasy Nurafşanda (Özbegistan) 1600 g meýdanda täze şäher gurmak isleýändigini mälim etdi. Taslama “akylly şäher” tehnologiýalaryny ulanmagy we 15-den gowrak maýadary özüne çekmegi göz öňünde tutýar diýip, respublikanyň Daşkent welaýatynyň häkimiýetine (administrasiýa) salgylanyp, Spot.uz habar berýär.

Birinji tapgyrda ýerli baýlyklaryň esasynda gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça zawod gurmak meýilleşdirilýär.
Smart-sitide ýerli ýaşaýjylary iş bilen üpjün etjek döwlet kärhanalaryny, lukmançylyk we bilim edaralaryny, şeýle-de senagat zolaklaryny we tehnoparklary gurmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Daşkent bilen Nurafşanyň arasynda ýokary tizlikli otlulary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Daşkent welaýatynyň häkimi Zoýir Mirzaýew bilen duşuşygyň netijesinde taraplar bellenen ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekdiler.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

18.06.2026 22:09
1.6k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......