Tim Szýu sentýabr aýynda IBF-niň saýlama söweşinde ringe çykar

  • 19.07.2024 12:26
  • 3.7k+

Meşhur russiýaly boksçy Konstantin Szýunyň ogly, awstraliýaly professional boksçy Tim Szýu 22-nji sentýabrda ringe gaýdyp geler. Birinji orta agramda IBF-niň saýlama söweşi Awstraliýada geçiriler.

Tim Szýunyň garşydaşy heniz kesgitlenmedi, ýöne FightSpace telegram-kanalynyň maglumatlaryna görä, ol Erikson Lýubin ýa-da Hesus Ramos bolup biler.
Birinji orta we orta agram derejelerinde çykyş edýän Tim Szýu dünýäniň iň ussat söweşijileriniň biri hasaplanýar. Ol 2024-nji ýylyň mart aýynda BoxRec reýtinginde birinji orny eýeledi, şeýle-de WBO, WBC, IBF we WBA boýunça birinji orta agramda iň gowy boksçylaryň ilkinji onlugyna girdi.
Tim Szýu BoxRec reýtingi boýunça birinji orta agram derejesinde awstraliýaly boksçylaryň arasynda birinji ýerde durýar.


şu gün 09:52
6.4k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......