UEFA Ýewro-2024-üň simwoliki toparyny düzdi

  • 17.07.2024 14:31
  • 14k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Ýewro-2024-üň jemi boýunça simwoliki topary düzdi. Topara çempion titulyny alan Ispaniýanyň milli ýygyndysyndan alty oýunçy girdi.

Derwezeban: Maýk Menýan (Fransiýa)
Goragçylar: Kaýl Woker (Angliýa), Wilýam Saliba (Fransiýa), Manuel Akanži (Şweýsariýa), Mark Kukurelýa (Ispaniýa)
Ýarym goragçylar: Fabian Ruis (Ispaniýa), Dani Olmo (Ispaniýa), Rodri (Ispaniýa)
Hüjümçiler: Lamin Ýamal (Ispaniýa), Jamal Musiala (Germaniýa), Niko Wilýams (Ispaniýa)
Berlinde geçen final oýnunda Ispaniýa Angliýany 2:1 hasabynda utdy. Gollary Niko Wilýams we Mikel Oýarsabal geçirdi, angliýalylardan Koul Palmer tapawutlandy.
Ýaryşyň iň gowy oýunçysy ispaniýaly Rodri boldy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri üçin baýrak ilkinji gezek birbada alty futbolça berildi.


düýn 10:10
5.3k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
9.1k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....