Seýrek hadysa: dünýäde iň gurak çöl gülledi

  • 15.07.2024 13:59
  • 19k+

Çilide üýtgeşik hadysa bolup geçdi: adatça, özüniň guraklygy bilen belli bolan Atakama çöli gülledi. Ozal jansyz çägeler bilen örtülen ýer indi ak we benewşe güllere büreldi.

Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda “deserto florido” (ispan dilinden terjime edilende – “gülleýän çöl”) adyny alan bu hadysa 5-7 ýylda bir gezek we diňe haçan-da çöl ösümlikleriniň tohumlarynyň gögermegi üçin ýeterlik derejede ygal ýagan ýagdaýynda bolup geçýär. Alymlar soňky 40 ýylda 15 şeýle hadysanyň bolandygyny we diňe sentýabr – noýabr aýlarynda bolandygyny nygtaýarlar. Ýöne şu ýyl gülleme garaşylmadyk ýagdaýda ir başlady we bu howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar.
Atakamany bezeýän güller Nolana paradoxa görnüşine degişli bolsa gerek. Bu gysga birýyllyk ösümlikleriň ösen kök ulgamy ýok we bol çyglylygyň gysga döwürlerine çalt uýgunlaşýar.

2022-nji ýylda Atakama çöli milli seýilgäh diýlip ykrar edildi, şonuň üçin islendik ösümlikler we haýwanlar, şol sanda süýrenijiler, guşlar we hatda mör-möjekler gorag astyndadyr. Şeýle-de bolsa, bu özboluşly tebigy hadysanyň şaýady bolmak isleýän köp sanly syýahatçylar üçin böwet bolmaýar.
Geljekde Atakamada ygalyň mukdarynyň köp bolmagyna garaşylýar, bu has ýaýraň güllemä we ösümlikleriň tutuş çöle ýaýramagyna getirip biler.


27.06.2025 20:25
16k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......