Angliýa soňky minutlarda Niderlandlara gol geçirip, Ýewro-2024-üň finalyna çykdy

  • 11.07.2024 07:33
  • 10k+

Angliýa Niderlandlary 2:1 hasabynda utup, Ýewropa çempionatynyň ikinji finalçysy boldy. Oýun Dortmundda geçirildi.

Duşuşygyň ýedinji minutynda gollandiýaly Hawi Simons hasaby açdy. 18-nji minutda Angliýa toparynyň kapitany Garri Keýn penaltiden hasaby deňledi. Oýnuň ikinji ýarymynyň 90-njy minutynda angliýalylaryň hüjümçisi Olli Wotkins ýeňiş goluny girizdi.
Angliýa geçenki finalda utulandan soň Ýewro finalyna çykdy – bu taryhda şeýle üçünji ýagdaýdyr. Geçen iki gezek GFR-iň milli topary şeýle ýagdaýa düşdi – 1980-nji ýylda ÝÇ-1976-nyň finalynda utulandan soň we 1996-njy ýylda Ýewro-1992-niň finalynda ýeňlişe sezewar bolandan soň. Iki gezek hem ikinji synanyşykda Germaniýa Ýewro-da ýeňiji boldy. 
Finalda Angliýa topary Ispaniýa bilen oýnar. Oýun duşenbe gününe geçilýän gije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.
Ispaniýa ýeňiş gazanan ýagdaýynda rekord dördünji titulyny alar. Angliýa öz taryhynda Ýewro-da ilkinji gezek ýeňiji bolup biler.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......