UFC 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň iň gowy 5 nokautyny saýlady

  • 09.07.2024 22:43
  • 12k+

UFC 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýaryşlarda bolup geçen iň täsirli nokautlaryň bäşisini hödürledi.

Birinji orny ýarym ýeňil agramda öňki çempion, amerikaly Maks Holloueý eýeledi, gurama onuň UFC 300 ýubileý ýaryşynda watandaşy Jastin Getjini rehimsizlik bilen nokaut ýagdaýyna düşüren pursatyna ýokary baha berdi. Nokaut bäşinji raundyň soňky sekuntynda boldy, bu hem ony has täsirli etdi.


Ikinji orunda UFC 298 ýaryşynda awstraliýaly Aleks Wolkanowskini nokauta gidirip, ýarym ýeňil agramda titula eýe bolan gruziýaly söweşiji Iliýa Topuriýanyň ýeňşi ýerleşdi.

Top-5 şeýle görnüşde:

  1. Maks Holloueý – Jastin Getji;
  2. Iliýa Topuriýa – Aleksandr Wolkanowski;
  3. Aleks Pereýra – Irži Prohazka (ikinji söweş);
  4. Winisius Oliweýra – Bernardo Sopaý;
  5. Dastin Porýe – Benua Sen-Deni.

07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......