Hamzat Çimaýew orta agramda UFC-niň öňki çempiony bilen söweşer

  • 08.07.2024 13:11
  • 16k+

BAE üçin çykyş edýän UFC-niň söweşijisi Hamzat Çimaýew HFC Fight Show Reality şouwynyň çäklerinde orta agramda UFC-niň öňki çempiony amerikaly Lýuk Rokhold bilen söweşer. Bu barada Hardcore FC promouşeniniň metbugat gullugy habar berdi.

Guramaçylar heniz tutluşygyň haýsy düzgünler boýunça geçiriljekdigini aýtmadylar.
Lýuk Rokhold we onuň watandaşy, ýarym orta agramda UFC-niň öňki çempiony Taýron Wudli HFC Fight Show Reality-de toparlaryň baş tälimçileri boldular.
22-nji iýunda Çimaýew Saud Arabystanynda geçirilen UFC ýaryşynda awstraliýaly Robert Uittaker bilen duşuşmalydy, ýöne söweş Hamzatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýatyryldy. Onuň deregine Uittaker bilen söweşe russiýaly Ikram Alisker çykdy, ony Uittaker birinji raundda nokauta gidirdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......