Astrofotograf HKS-iň Günüň öňünden uçup geçişini surata aldy. Kadr sanlyja  sekuntda surata alnyp ýetişildi

  • 07.07.2024 02:36
  • 10k+

Portugaliýaly astrofotograf Migel Klaro Halkara kosmos stansiýasy (ISS) Günüň öňünden uçup geçip barýarka seýrek pursady tutup ýetişdi. Surat Portugaliýanyň demirgazygynda pursady sekuntda 109 kadr ýygylykda tutýan ýokary tizlikli kamera bilen alyndy.

HKS surata düşürilen pursady Ýerden 441,5 km belentlikde bolup, 7,31 km / s tizlik bilen hereket edýärdi. Stansiýa Günüň öňünden bary-ýogy 0,54 sekuntda  uçup geçdi. Gutarnykly suraty döretmek üçin Klaro 2 sekuntda düşürilen 200 kadry ulandy.
Suratda diňe bir Günüň işjeň üsti däl, eýsem onuň öňünden uçup barýan HKS-yň sudury hem görünýär. Inwersiýa usulynyň kömegi bilen HKS ilkinji kadrlarda ak görünýär, bu bolsa Günüň hromosferasyny jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär. Ondan soňky kadrlarda stansiýa gara reňkde görünýär.
Klaro HKS-yň Günüň öňünden geçişini surata düşürmegiň kyn düşendigini boýun aldy, ýöne her näme bolsa-da ýokary tizlikli kameranyň kömegi bilen seýrek pursady tutup bildi.
Tutuş prosesi ýörite redaktirlenen wideoda görmek bolýar.


14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......