Ispaniýa Germaniýa 119-njy minutda gol geçirip, Ýewro-2024-üň ýarym finalyna çykdy

  • 06.07.2024 00:14
  • 4.8k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2024-üň 1/4 finalynda Germaniýadan üstün çykdy. Ştutgartda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň esasynda wagtynda 1:1 deňme-deňlik hasaba alyndy. Ispanlardan Dani Olmo (51-nji minut) hasaby açdy. Germaniýadan Florian Wirts 89-njy minutda hasaby deňledi.
Goşmaça goşulan 30 minutda Ispaniýanyň ýarymgoragçysy Mikel Merino ýeňiş goluny geçirdi (119-njy minut).
Ýarym finalda Ispaniýa Portugaliýa-Fransiýa jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Beýleki çärýek final duşuşyklary 6-njy iýulda Angliýa-Şweýsariýa we Niderlandlar-Türkiýe jübütleriniň arasynda geçiriler.
Germaniýa-Ispaniýa duşuşygynyň ilki minutlarynda ispanlaryň ýarymgoragçysy Pedri Toni Kroos bilen çaknyşykdan soň şikes aldy. 8-nji minutda oňa derek Olmo oýna girdi. Marca neşiriniň habar bermegine görä, deslapky barlagdan soň Pedri çep dyzynyň gapdal bogunlarynyň şikesini alypdyr.


düýn 22:47
1.3k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.3k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.6k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......