Roý Jons-kiçi boks söweşinde repçi Jigana garşy çykar

  • 05.07.2024 18:32
  • 11k+

Amerikaly boksçy, ýarym agyr agram derejesinde absolýut dünýä çempiony Roý Jons-kiçi russiýaly repçi Jigan bilen söweşer. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär.

Görkezme boks söweşi 6-njy iýulda “Lužniki” sport meýdançasynda Moskwa sportunyň gününiň çäklerinde geçiriler.
Jigan kikboksing boýunça Ýewropa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesidir. Ol “Moskwa sporty” portaly bilen söhbetdeşlikde garşydaşynyň derejesine garamazdan, öz güýjüne ynanýandygyny aýtdy.

“Tutluşyk aňsat bolmaz, her näme diýsegem, maňa garşy absolýut çempion çykyş edýär. Ýöne men biderek elimi türgenleşdirmedim we ýedi ýaşymdan boks bilen biderek meşgullanmadym, soňky aý bolsa özümi doly taýýarlyga bagyşladym: sagatlap konsolda faýting oýnadym” – diýip, meşhur ýerine ýetiriji degişýär.

Ol ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň erbet däldigini, “sebäbi Roýuň eýýäm öz ýokary derejesinde däldigini” belledi.


şu gün 09:52
6.4k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......