UFC-niň çempiony Jon Jons indiki söweşini noýabrda geçirer

  • 04.07.2024 20:31
  • 12k+

Agyr agram derejesinde UFC-niň çempiony Jon Jons indiki söweşini 2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirer. Bu barada ol Instagram sahypasynda ýazdy diýip, RBK habar berýär.

“Gyzyl burç, meniň ýerim. 9-njy noýabr” – diýip, 36 ýaşly söweşiji sosial ulgamda ýazdy. Ýöne Jonsyň garşydaşynyň ady heniz yglan edilmedi.

Soňky gezek Jon Jons 2023-nji ýylyň mart aýynyň başynda oktagona çykdy, şonda Las-Wegasdaky UFC 285 ýaryşynda fransiýaly Siril Gany ýeňdi. Söweş bary-ýogy bir raund dowam etdi, amerikaly demikdiriji usul bilen ýeňiş gazandy.
Şol söweş Jons üçin 2020-nji ýylda ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony titulyny boşadyp, agyr agram derejesine geçeninden soň birinji söweş boldy. Amerikalynyň hasabynda garyşyk başa-baş söweşlerde 26 ýeňiş we bir ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......