Galaxy Watch 7 we Galaxy Buds 3 hatarlarynyň resmi renderleri internetde peýda boldy

  • 02.07.2024 16:17
  • 5.8k+

Samsung 10-unjy iýulda täze akylly sagadyny we gulaklyklaryny hödürlär. Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda internetde olaryň dizaýnyna baha bermäge mümkinçilik berýän resmi renderler peýda boldy.

Suratlara görä, Galaxy Watch 7 ozalkysyndan täze goýy zeýtun reňki bilen tapawutlanar.
Kompaniýanyň taryhynda iň ösen model boljakdygy aýdylýan Galaxy Watch Ultra aýratyn gyzyklanma döredýär. Ol Apple Watch Ultra-nyň dizaýnyny ýada saljak, ajaýyp dizaýny wada berýär.

Galaxy Buds 3 we Galaxy Buds 3 Pro düýbünden täzelenen dizaýny alarlar. Gulaklyklaryň aýaklary has uzyn bolar we gabynda biri-birinden daşrak ýerleşdiriler.
Enjamlaryň hemmesi Samsung Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda görkeziler.  


06.02.2026 14:14
665

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

30.01.2026 10:35
1.9k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi...

28.01.2026 15:54
3k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi...

08.01.2026 21:29
2.4k+

Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny hödürledi. Oňa täzelenen modeller S85H, S90H, S95H we düýbünden täze S99H girdi. Flagman S99H metal karkasy bilen tapawutlanýar...